- älem
- 11) Bütin jahan sistemasy, dünýä, jahan.∙ Türkmenlerde at-owazasy äleme ýaýran bir ýyndam at barmyş. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Onuň agramyny ölçemäge giň älemiň daglarynyň daşlary-da ýetmejek ýalydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Älem ýüzi ýagtyldy. («Görogly» eposy)∙ Özüniň altyn şöhlesi bilen äleme gark edýän mähnet Günüň bu gün sudury-da mälim bolmaýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Sary gawunlaryň beýhuş ediji kükeýän ysy bütin äleme doldurýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)2) Ýeriň ýüzi, ähli ýer.∙ Ýa seniň agzyňdan çykan sözi men göterip, äleme jar eder öýdýämiň? (B. Kerbabaýew, Nebitbag)◊ äleme inmek — Dünýä inmek, eneden bolmak, dogulmak.◊ älemi daralmak — Gaýgylanmak, kynçylykly bir ýagdaýa düşmek, agyr halda bolmak, howsala düşmek, ýüregiň gysmak, sust bolmak.∙ Şol gürrüňleri eşidenden soň, onuň älemi daraldy.◊ älemi giňemek — Gaýgydan çykmak, agyr ýagdaýdan, aladadan dynmak, gaýgysyzlanmak, göwnüň açylmak, göwnüň giňelmek.∙ Gyzyň älemi giňän ýaly boldy. (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)2Çitilip dokalýan zatlaryň halygyrasyndaky nagyş; argaç geçirilip dokalýan zatlarda bolsa palas nagyşdan öňürti gelýän gyra ýer.∙ Älem nägyşyňa bir seret, ugursyz! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.